TELEKOMMUNIKASIÝA HYZMATLARY

“Buýsançly toprak” hususy kärhanasy telekommunikasiý hyzmatlar we aragatnaşyk setleriniň gurluşygy bazarynda işleýär. Işlenen ýyllaryň dowamynda proýektirlemek, gurluşyk we hyzmat etmek çygrynda baý tejribe gazanyldy. Potratçy bolmak bilen, kompaniýa süýüm-optiki, elektrik, pes nokatly setleri, gorag signalizasiýany gurnamak boýunça işlere işjeň gatnaşýar. Kompaniýanyň işiniň esasy ýörelgesi biziň hyzmatdaşlarymyz, müşderilerimiz we sargytçylarymyz üçin öňde goýlan meseläni çözmegiň iň gowy çözgütlerini teklip bermäge mümkinçilik döredýän, hem-de olaryň bähbitlerini, tehniki isleglerini we maliýe mümkinçiliklerini has-da doly göz öňünde tutmak bilen, her bir sargyda aýratynlykda seretmegiň netijesinde hyzmatdaşlygyň özüne çekiji şertlerini döretmekdir.

“Buýsançly toprak” hususy kärhanasy “gurluşygy doly tamamlamak” işleri, ýagny taslamadan öň barlag işlerinden başlap, gurluşyk-gurnama işlerine we soňraky tehniki hyzmaty ýerine ýetirýär. Aragatnaşyk çygrynda baý tejribesi bolup, kompaniýa maglumat ulgamlaryň üznüksiz we bökdençsiz işlemeginiň zerurlygyna gowy düşünýär. Şol sebäpli, kompaniýa öz işinde ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmek ugrunda tagalla edýär. Kompaniýanyň düzüminde (ştatynda) aragatnaşyk desgalaryny proýektirlemek, gurluşyk we işe girizmek boýunça köp ýyllyk tejribesi bolan ýokary hünärli hünärmenler işleýär.

“Buýsançly toprak” hususy kärhananyň öňde goýlan islendik meseleleri çözmäge mümkinçilik berýän giň möçberli maddy-tehniki binýady we häzirki zaman ýokary tehnologik enjamlary bar. Kompaniýanyň işgärleriniň hünär ussatlygy, hyzmatdaşlaryň ýüz tutmalaryna çalt esewan etmekleri, bahanyň çeýe ulgamy we tertiplilik, şol bir wagtda ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hilliligi – işewür adyň esasy düzüjileridir.