AUTSTAFFING

«Autstaffing» sözi iňlis dilinden gelip çykyp, «out» – «daşky» we «staff» – «ştat» sözleri we «işgäri düzüm sanawyndan daşary ulanmak» ýa-da «işgäri wezipe sanawyndan çykarmak” diýmekligi aňladýar. Kähalatda “autstaffing” sözi “işgär lizingi” diýlip terjime edilýär. “Buýsançly toprak” hususy kärhanasy FIRCROFT kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanda täze ugur açýar. FIRCROFT kompaniýanyň austaffing hyzmatlar çygrynda, işgärleri işe çekmek meselesinde baý tejribesi bar. Bu kompaniýa dünýäde öňdebaryjy kompaniýa bolup, dünýäniň 60 ýurtdan gowragynda işleýär.

Şu hyzmatlaryň çäginde biz siziň işgärleriňizi öz işgär sanawymyza resmileşdirýäris, Türkmenistanyň Zähmet kodeksi boýunça işgär boýunça jogapkärçiligi doly öz üstümize alýarys, işgärler bilen iş resminamalaryň ýöredilişini alyp barýarys, aýlyk zähmet hakyny hasaplaýarys we töleýäris. Islendik barlag edaralaryň öňünde biz iş beriji hökmünde jogap berýäris.

Biz tarapdan döredilen autstaffing model bizi bäsdeşlerimizden ýokary derejeli ygtybarlyk bilen tapawutlandyrýar. Bu bolsa daşary ýurtly işgärleri işe çekmek meselesinde wajypdyr. Autstaffing hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin ulanylýan her bir şertnama we her bir resminama biziň müşderilerimiz üçin maksimal derejede howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen migrasiýa, salgyt we zähmet kanunçylyklary takyk öwrenmek arkaly düzülendir.

Biz köp sanly barlaglardan geçdik we ýokary derejeli ygtybarlygy, aýdyňlygy we birkemsiz kanunçylyga laýyklygy kepillendirýäris. Hyzmatlarymyz ýerine ýetirilende biz doly jogapkärçiligi öz üstümize alýarys, jogapkärçiligi ätiýaçlandyrmak bolsa biziň müşderilerimiz üçin geleşikleriň has-da ygtybarly we howpsuz bolmagyny üpjün edýär. Ygtybarlyk – autstaffing bazarynda işleýän kompaniýa üçin iň zerur aýratynlygyň biridir. Şol sebäpli, ygtybarlyk biziň dünýagaraýyşymyz boldy. Biz müşderilerimiz üçin açyk we biz üçin ileri tutulýan ugur aýdyňlykdyr.