IÝMIT ÖNÜMLERINI GETIRMEK

Biziň işewürligimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de iýmit önümlerini getirmekdir. Biziň işewürligimiz has gowy ada eýe boldy. Ilkibaşda, biz özümizi gök-önümleri lomaý getirmek bilen meşgullanýan firma hökmünde tanatdyk. 1-nji derejeli getiriji adyna eýe bolmak ugrunda irginsiz işlemegiň netijesinde biz öz sanawymyza (praýs-list) bakaleýany, eti, balygy, peýniri, süýt we doňdurylan önümleri, italýan, fransuz, hytaý önümlerini we birnäçe beýleki önümleri goşduk. Şu günki günde gök-önümleri we miweleri getirmekden başga-da, bizde önümleriň örän baý assortimenti bar diýip uly buýsanç bilen aýdyp bileris. Bu bolsa iň bir talapkär şef-powaryň sargytlaryny kanagatlandyryp biler.

Tizlik we öz wagtynda ýerine ýetirmek

Iýmit önümlerini getiriji firma üçin sargytlary çalt resmileşdirmek we olary öz wagtynda getirmek tapawutly aýratynlyk bolup, “Buýsançly toprak” hususy kärhanasy muňa laýyk gelmek üçin jan edýär. Eger biz size harydy bellenen wagtda getireris diýen bolsak, hut şonuň ýaly-da bolar. Eger-de size haryt gysga wagtyň içinde zerur gerek bolsa, biz öz tertibimizi çalyşmaga hem-de harydy size zerur bolan wagtda getirmäge taýar. Gije-gündiziň dowamynda islendik wagtda biz Siziň sargydyňyzy haýal etmän, çaltlyk bilen kabul etmäge taýar. Biz Size islendik wagtda et, balyk, bakaleýa, süýt we beýleki önümleriň, hem-de peýniriň, ýewropa we hytaý iýmit önümlerini öndürijileriň önümleriniň, şol sanda restoranlar, naharhanalar, supermarketler we ş.m. üçin gök önümleriň we miweleriň gerekdigine örän gowy düşünýäris.

Hil hil hil

Tejribeli getirijiler hökmünde “Buýsançly toprak” hususy kärhananyň menejmenti siziň işewürligiňiziň üstünliginiň gönüden-göni size getirilýän harydyň hiline baglydygyna gowy düşünýär. Şol sebäpli, biz kepillikli iň ter gök önümleri we miweleri, et we balyk, süýt we peýnir, çörek önümlerini, miwe şirelerini we suwlary, ýumurtga, gök onüm we miweli konserwleri – bir söz bilen aýdylanda siziň önümçiligiňiz üçin hemişe zerur bolan ÄHLI önümleri getirýäris.

Tejribe we ünsli çemeleşme

Peýda gazanmak we müşderileriň islegleri biziň üçin ileri tutulýan ugurlardyr. Biz bäsdeşlige ukyply bahalar boýunça toplumlaýyn hyzmatlary teklip edýäris. “Buýsançly toprak” hususy kärhananyň işiniň strategiýasy toplanan tejribäni, maglumat tehnologiýalarda iň soňky gazananlary peýdalanmak bilen, ýükleriň daşalmagyny guramagyň we dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryny, müşderiler bilen işleşmekde aýratyn çemeleşmäni özünde jemleýär. “Buýsançly toprak” hususy kärhanasy Türkmenistanyň lomaý bazarynda öz ornuny berkidip, hemişeki müşderilerimiziň sanynyň artmagy netijesinde iýmit önümlerini lomaý getirmek çygrynda üstünlik gazandy. Biziň işgärlerimiziň ýokary derejeli hyzmaty we baý tejribesi netijesinde iýmit önümleriniň lomaý söwdasy gün saýyn artýan sarp edijileriň arasynda üstünlige eýe boldy we netijede iýmit önümlerini getirmegiň çäkleri giňedi.