ELEKTRIK GURNAMA IŞLERI

“Buýsançly toprak” hususy kärhanasy dürli derejeli çylşyrymly elektrik gurnama işleriniň köp görnüşlerini ýerine ýetirýär. Islendik derejeli çylşyrymly elektrik gurnama işleri biz tarapdan ýerine ýetirilende amatly şertleriň ýokary bilim hem-de tejribe bilen şertlenip, işleriň ýokary hilli kepilligi bilen utgaşdyrylýar. Biziň syýasatymyz sargytçylaryň bähbitlerini ileri tutmaga esaslanýar. Sargytçynyň biziň öňümizde goýan meselesine düşünmek, täzeden gurulýan ýa-da işläp duran desganyň ýokary hilli tehniki seljermesini geçirmek, tehniki taýdan dogry taslama çözgüdi işläp taýarlamak, enjamlary we şaýlary getirmek, energiýa üpjünçilik boýunça işleriň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek.

«Buýsançly toprak» hususy kärhananyň artykmaçlyklary

Hut Siziň şahsy sargydyňyza laýyk gelýän elektrik gurnama işlerini geçirmek üçin dogry çözgüdi saýlap almak. Biz her bir aýratyn ýagdaýda ähli takyklamalary we islegleri nazara alýarys. Işleriň ähli görnüşleri boýunça biziň kompaniýamyz ýerine ýetirilen işleriň kepilligini üpjün edýär. Elektrik gurnama işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de, elektrik setlerini “ulanmaga doly gurnap bermekdir”, ýagny işleri geçirmek üçin rugsatnama almakdan tä gözegçilik edaralaryna tabşyrylýança işleriň toplumydyr. Elektrik setler howada çekilip, geçirilen ýagdaýynda elektrik sütünler transformator podstansiýalar bilen elektriki soňky ulanyjynyň arasynda dikilýär.

Çözgütleriň ýitiligi

“Buýsançly toprak” hususy kärhanasy 0,4-den 10 kWt aralygyndaky daşky we içki elektrik setlerini gurnamak boýunça hyzmatlary, şol sanda olary işe girizmek-sazlamak we işletmek üçin tabşyrmak, ähli zerur bolan rugsat beriji resminamalary resmileşdirmek we almak boýunça işleri ýerine ýetirýär. Biz täze müşderilere hemişe şat we islendik göwrümli we islendik derejeli çylşyrymly elektrik gurnama işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge taýar! Size höwes bilen hyzmatlarymyzy teklip edýäris we Sizi sargytçylarymyzyň we hyzmatdaşlarymyzyň arasynda görmäge umyt edýäris.

Içki elektrik setleri gurnamak boýunça işleriň toplumy:


• Howa we ýer asty 0.4-6-10 kW kabel liniýalaryň gurluşygy (elektrik- we ýer işleri).

• Daşky yşyklandyrma setleriniň gurluşygy.

• Binalaryň, meýdançalaryň, köprüleriň we beýl. öň tarapynyň binagärçiik-çeperçilik yşyklandyrmasy.

• 6(10)/0 ,4 kW transformator podstansiýalary gurnamak we işe girizmek-sazlamak işleri.

• Şäher şertlerinde oturdylan we aýratyn duran dürli ähmiýetli TP, RTP, BKTP, RP elektrik tehniki bölekleri gurnamak.

• Ýyldyrymdan gorag we zazemleniýanyň konturynyň gurluşy.