GURLUŞYK

“Buýsançly toprak” hususy kärhanasy 2014-nji ýyndan bäri Türkmenistanyň gurluşyk bazarynda işläp gelýär. Biz beýlekilerden mese-mälim tapawutlanýan kompaniýadyrys. Ýokary hünärli hünärmenler topary Kompaniýany esaslandyryjylar we soňra kärhananyň hereketlendiriji güýji bolup çykyş edýär. Gurluşyk çygryny aňryýany bilen bilmek kompaniýanyň gurluşyk çygrynda üstünlikler gazanmaga mümkinçilik berdi. Biziň baş taglymatymyz maksimal derejede ýokary hilli we bahasy gymmat bolmadyk desgalary gurmak. Şeýle çemeleşmäniň netijesinde, bir-iki ýyl iş döwrüniň dowamynda kompaniýa gurluşyk çygrynda has güýçlendi, meşhur we hormatlanýan kompaniýalara öwrüldi.

Baha

“Buýsançly toprak” hususy kärhanasy öz gündelik işinde önümleriň ähli assortimenti boýunça elýeterli bahalaryň bolmagy ugrunda iş alyp barýar we maksimal derejede demokratik baha syýasatyny ýöredýär. Birnäçe kompaniýalardan tapawutlylykda, önümiň hiline zyýan ýetirmezden, biz bahalary düşürmeýäris, oňat işlenip taýarlanylan meýilnamalaşdyrylan strategiýany amala aşyrýarys. Onuň mazmuny ýönekeý – önümiň elýeterli bahasy hemişe islegde bolýar, bu bolsa önümçiligiň doly depginde işledilmegine, gurluşyk toparlaryň sanynyň artmagyna getirýär. Biziň kompaniýamyz müşderiler üçin dürli indirimleri hödürlemäge we harytlaryň möwsümleýin satuwyny geçirmäge çalyşýar.

Bu kompaniýanyň diňe bir ýörelgesi däl-de, hut filosofiýasydyr! Işi belgi üçin däl-de, gowy we halk üçin ýerine ýetirmek – hut şular üçin biziň müşderilerimiz, dostlarymyz, hyzmatdaşlarymyz, hat-da bäsdeşlerimiz “Buýsançly toprak” hususy kärhanamyza ýokary baha berýärler we hormatlaýarlar. Biziň kompaniýamyzda ähli adamlara, şol sanda öz häsiýetine görä hemme zada tankydy göz bilen seredýänlere-de üns berilýär. Kompaniýa üçin gowy netije wajypdyr. Ony gazanmak üçin biz gurluşygyň ähli tapgyrlaryny ünsli seljerýäris, gurluşyk tamamlanandan soň, şol öýlere hyzmat etmek işini ýerine ýetirýäris. Köp adamlar ýüze çykan nägilelikler hakynda gönüden-göni pikir alyşmaga ýaýdanýarlar (gorkýarlar). Şol sebäpli biz internet sahypalaryndaky, forumlardaky seslenmeleri üns bilen okaýarys we elmydama açyk söhbetdeşlik geçirmäge we meseleleri çözmäge jan edýäris.

Hil

• Biz agaçdan jaý gurluşygy bazarynda öz adymyzy goraýarys. Şol sebäpli biz üçin iň esasy zat – önümiň hili bolup durýar! Biz öz taglymatlarymyza wepaly, şoňa görä-de biziň müşderilerimiziň sany gün saýyn artýar. Islegiň şeýle derejede artmagy öýleri gurmagyň amatly şertleriniň, gurluşyk materiallaryň hem-de gurluşygyň, gurluşykda ulanylýan materiallaryň özümiz tarapyndan öndürilýändiginiň netijesidir. Şeýle hem, olar birinjiden, diňe ygtybarly öndürijilerden lomaý getirilýär; ikinjiden, her bir ölçeg we baha segmentinde aňryçäk derejede amatly, ýokary hilli gurluşyk obýektini döretmek ugrunda biziň edýän tagallalarymyz bilen üpjün edilýär.

• Ikinji esasy hil düzüjisi biziň obýektlerimizi gurmak üçin ulanylýan materialdyr. “Buýsançly toprak” hususy kärhanasy materiallary diňe iri we barlanan öndürijilerden satyn alýar.

• Üçünji hil düzüjisi – tehnologik prosesdir. “Buýsançly toprak” hususy kärhanasy öz önümçiliginiň oýlanyşykly we anyk gurnalandygyna buýsanýar. Biz detallar taýarlanylan tapgyrynda olaryň doly derejede gurnamaga taýar bolup öndürilmegini gazanmak ugrunda işleýäris. Hut şeýle timarlanan tehnologik proses “Buýsançly toprak” hususy kärhananyň obýektleriniň ýokary hilini saklaýan sütüni bolup durýar.

• Soňky, iň çylşyrymly hil düzüjisi – gurluşykçylaryň hünär ussatlygy. Bu ýerde-de kompaniýa berk düzgünlere eýerýär. Birinjiden, “Buýsançly toprak” hususy kärhanasy möwsümleýin işçileriň hyzmatyndan peýdalanmaýar. Bizde ýokary hünärli, işine ökde gurluşykçylaryň topary zähmet çekýär. Olaryň hünär ussatlygy olar tarapyndan gurlan ýokary hilli obýektler bilen tassyklanýar.

Sözümiziň ahyrynda, talap edilýän kwalifikasiýasy bolmazdan, jaý gurmaga girişýän “talabanlar” diýlip atlandyrylýanlardan habardar bolmagyňyzy öňünden duýdurmak isleýäris. Adamlary esasan-da şeýle “gurluşykçylar” tarapyndan gurluşyk üçin soralýan bahanyň arzanlygy özüne çekýär. Emma, köp halatda bu ýagdaýlaryň soňy iri gurluşyk kompaniýalara ýüzlenip, “talabanlar” tarapyndan gurlan jaýyň ýa-ha ýalňyşlarynyň düzedilmegini, ýa-da jaýy täzeden gurmagy haýyş etmek bilen tamamlanýar. Öz nerwiňizi we puluňyzy zaýalamaň. Ussatlara ýüzleniň!