Keýtering

«Keýtering» sözi iňlis dilinden gelip çykyp, “jemgyýetçilik iýmiti, prowiziýalary getirmegi” aňladýar. “Keýteringi” oýlap tapyjy Fransua Watel hasaplanýar. Ol Lýudowik XIV köşgünde geçirilen dabaralarda hyzmat edipdir. Häzirki döwürde keýtering diňe önümleri getirmek, iýmit taýarlamak işlerini däl, eýsem hyzmat etmek, saçaklary owadanlamak, bezeg işleri we beýleki hyzmatlary ýerine ýetirmegi öz içine alýar.

“Buýsançly toprak” hususy kärhanasy Türkmenistanda keýtering hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde ilkinjileriň biridir. “Buýsançly toprak” hususy kärhanasynyň Türkmenistanyň bazarynda baý tejribesi bar. Biz hyzmat ediş we keýtering çygyrlarynda, dürli görnüşli harytlary, şol sanda iýmit önümlerini satyn almak we getirmek ýaly dürli hyzmatlary ýerine ýetirýäris. Biziň işjeňligimiziň ýene-de bir ugry nebitgaz we gurluşyk çygyrlaryna degişli bolan işleri ýurdumyzyň uzak künjeklerinde we ekstremal şertlerde ýerine ýetirýän meýdandaky işçi toparlaryna hyzmat etmekden ybaratdyr. Mundan başga-da, biz, çalt taýarlanýan tagamlary (fast-fud) hem-de edaralar we ofisler üçin biznes lançlary taýarlamak hyzmatlaryny ýerine ýetirýäris.

AZYK HARYTLARY DOLANDYRMAK

• Azyk harytlary getirmegi guramak
• Naharhana işlerini guramak
• Müşderileriň aýratynlygyna laýyklykda naharlaryň sanawyny meýilnamalaşdyrmak we taýarlamak
• Gury-gurak azyk iýmitini taýarlamak
• Adaty tagamlary taýarlamak we dini däp-dessurlary berjaý etmek
• Türkmenistanyň standartlaryny we arassaçylyk-gigiýena kadalaryny berk berjaý etmek

SATYN ALMAK WE MADDY-TEHNIKI ÜPJÜNÇILIK

• Ähli iýmit önümlerini satyn almak, daşamak we saklamak
• Materiallary we enjamlary, aşhana we naharhana esbaplaryny satyn almak
• Getirmegiň yzygiderliligini dolandyrmak
• Gorlara gözegçilik etmek we dolandyrmak

ÝAŞAÝYŞ JAÝYLARY DOLANDYRMAK

• Lagerlerde gözegçilik we ýolbaşçylyk işlerini ýerine ýetirmek
• Otel usulynda konsýerž/resepşen gullugy
• Ýaşaýyş otaglary üçin materiallary we enjamlary, mebelleri satyn almak

KIR ÝUWULÝAN ÝER

• Toplamak we paýlamak
• Hususy we iş geýimleri
• Ownuk bejeriş işler üçin tikinjilik hyzmatlaryny hödürlemek
• Kir ýuwulýan ýer üçin himiki reagentleri getirmek

BINALARY WE DESGALARY TÄMIZLEMEK

• Aşhana we restoran
• Ýaşaýyş üçin serişdeler we lageriň jaýlaryndaky ähli beýleki serişdeler
• Umumy zolaklar, ofisler
• Zir-zibilleri ýygnamak we çykarmak
• Tämizlemek we arassaçylyk üçin himiki reagrentleri getirmek

JEMAGAT WE GAÝRY HYZMATLAR

• Agyz suwuny getirmek
• Suwy beýleki zerurlyklar üçin getirmek
• Tehnikany bermek

HOWPSUZLYGY GURAMAK

• Ýokary derejeli hyzmaty üpjün etmek ugrunda resmileşdirmek proseduralary bilen bilelikde zähmeti goramak we howpsuzlyk tehnikasy boýunça meýilnamany we maksatnamany işläp taýarlamak
• Azyk harytlaryň sertifikasiýasy
• Türkmenistanyň arassaçylyk-gigiýena kadalaryna laýyklykda arassaçylyk gözegçiligi
• Serwis işgärleri üçin TH boýunça okuwlary geçirmek
• Hil gözegçiligi


Biz islendik görnüşli obýektler üçin ýokary hilli restoran hyzmatlaryny hödürleýäris, hem-de müşderiler tarapyndan tagamlaryň alnyp gidilmegini, hyzmatlary ýerine ýetirmezden, iş ýerine naharlary (zakuskalary) getirmegi üpjün edýäris. Taslamany yhlas bilen bilelikde guramak hem-de hyzmatlary kemçiliksiz ýerine ýetirmek – biziň üstünlikli ösüşimiziň kepillidir!